Talyp oglanlaryň arasynda wagyz-neşihat duşuşygy geçirildi

     2022-nji ýylyň 21-nji oktýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda ýurdumyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Ogul atadan görelde almasa öwüt almaz” atly talyp oglanlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen terbiýeçilik ähmiýetli birnäçe wekilleriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Azat Alihanow, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we Ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory Allamyrat Amandurdyýew, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýew, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň maslahatçysy Parahat Çaryýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow gatnaşdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm