Sungatdaky pursat

Sungat – bu ynsanyň içki duýgularynyň özeni. Sungat – bu islendik bir zady söýmeklige mejbur edýär. Sungatda her gün täze pursatlar döreýär. Pursat bolsa ynsanyň kalbynda ýaşaýar. Sungat ojagynda gurnalýan sergiler täze wakadyr. Ynha 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 19-njy oktýabrynda Suratkeşler birleşiginde foto suratçylaryň “Pursat” atly döredijilikli sergisi açyldy. Sergide bilim, medeniýet, milli miras, tebigatyň gözelligi, çaga durmuşy, gaýtalanmajak täsinlik, daglaryň we düzleriň, medeni we durmuş maksatly ajaýyp binalaryň galyberse-de türkmen alabaýlarynyň, türkmen bedewleriniň keşbi foto suratlarda çeperçilik taýdan şöhlelendirýän döredijilik eserleriniň taslama çözgüdine ýagtylyk kölegesiniň bölünmesine, tebigatdaky howanyň we günüň şöhle beriş suratlandyrylyşyna aýratyn üns berip, foto surat düşürmekde zehinler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

    Olardan horeograf Nury Nyýazow, nakgaş Ahmet Hallyýew hem-de onuň şägirdi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew, “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Atasaparow hem-de Mähri Garahanowa dagylar özleriniň ajaýyp foto suratlaryny sergilediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp fotosuratlar serginiň gözelligine görk goşdy. Çuň many-mazmuny özünde jemleýän sergi ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Ogulsona Öwezmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm