Italiýaly MISTER SAMUEL MALFATTI «Wideo art» okuw sapagyny geçirdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk döwrüniň sungaty biziň halkymyzyň taryhynda kämil sahypany açýar. Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary netijesinde medeni ulgamlarda-da has-da netijeler gazanyldy. Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň Italiýanyň taryhy medeni gatnaşyklarynda ýüze çykýar.

    Garaşsyzlyk ýyllarynda Italiýa Respublika döwleti bilen ýola goýlan özara bähbitli we deň hukukly hyzmatdaşlyk türkmen italýan gatnaşyklarynda diňe dost – doganlygyň, hoşniýetliligiň öňe sürülýändiginden aýdyň nyşandyr. Munuň özi halklaryň birek-birege oňat düşünmegine, umumy bähbitlere uýmagyna getirdi. Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligini Türkmenistan döwletinde geçirmek boýunça Ýewropa döwletlerinden belli sungat işgärleri geldiler, bu bolsa günsaýyn galkynýan döwletimizde ýatdan çykmajak wakanyň biridigi bizi diýseň begendirýär. Ýagny, Italiýanyň sungat işgäri Mister Samuel Malfatti Türkmenistan döwletimize gelip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda täze “Wideo art” sungatyny öwretmek boýunça sungat ojagynda dürli hünärlerde bilim alýan zehinli talyplarynyň arasynda sapak geçirdi.

    Ussatlyk sapagynda Samuel Malfatti talyplar bilen söhbetdeşlikde boldy. “Men Samuel Malfatti. Aziýa ýurdunyň arasynda ilkinji gezek iş sapary bilen Türkmenistan döwletine gelenime diýseň begenýärin. Türkmen halky medeniýetliligi, ynsanperwerligi, myhmansöýüjiligi bilen meni gowy garşylady...” diýip, şatlykly duýgularyny beýan etdi. Samuel Malfattiniň ýaşlar bilen  döredijilikli pikir alyşmalary talyplara täze garaýyş tejribe bolýar, wideo sungaty tomaşaça we hünärmenlere häzirkizaman sungatyň ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik berýär. Nusgawy äheňde döredilýän “Wideo art” sungaty täze tehnalogiýalardan Davinci Resolve hem-de Adobe Premier Pro atly programmalaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Adyndan belli bolşy ýaly sungat – dowamly hereketiň üsti bilen wasp edilýär.

    Ýer ýüzünde dürli medeniýetiň bolşy ýaly dürli sungatyň hem özüne mahsus aýratynlyklary bardyr. Özboluşly çeper aýratynlygy bolan bu “Wideo art” sungat eseriniň ýurdumyzda öwredilmegi uly baha mynasypdyr. Sebäbi ol iki hyzmatdaşlyk hem-de medeni ulgamy özünde jemleýändir. Bu bolsa Türkmen – Italýan dostluk gatnaşyklarynyň ýola goýmakda milletleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşiniň hem-de giňemeginiň we täze sungat äleminde kämilleşmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ogulsona Öwezmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm