Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda
2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 12-14-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly ýokary derejede geçirildi. Bu festiwala Türkmenistandan, Günorta Koreýadan, Latwiýadan, Gazagystandan Özbegistandan, Eýran-Yslam Respublikasyndan ussat senetçiler we amaly-haşam sungatynyň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik sergisinde döwletler el senedi bilen bagly eserleriniň üsti bilen medeniýeti hem-de sungaty açylyp görkezildi. Ýagny, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sünnälenip ýerine ýetirilen çeper aýratynlygy, reňk sazlaşygy, ýerine ýetiriliş tilsimleri has-da täsirli boldy.
Festiwalyň çäginde geçirilen milli egin-eşikleriň görkeziliş dabarasy ähli tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Aýratynam, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlara bilim berilýän amaly-haşam sungatynyň görnüşleri bolan halyçylyk, zergärçilik, keramika ýaly ugurlary boýunça ajaýyp sergi gurnaldy we ýerine ýetiriliş usullarynyň görkezmesi festiwala gatnaşan daşary ýurtly myhmanlara has-da gyzykly boldy. Halkara festiwalyň çäginde ylmy-amaly maslahaty hem geçirildi. Bu ylmy maslahatda çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Şeýle-de dünýä halklarynyň ylmy çykyşlary örän täsirli bolup, gymmatly maglumatlary almakda ýokary derejesiniň bolandygyny bellemek gerek. Halkara derejesinde geçirilen festiwaly dünýä döwletleriniň dostlugyny has-da pugtalandyryp, özara tejribe alyşmaga uly mümkinçilikler döretdi. Türkmen amaly-haşam sungatyny we baý senetçiligini dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsunymyzy aýdýarys.
Aýjemal Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň“Amaly-haşam sungaty”
kafedrasynyň mugallymy