Bilimdäki we sungatdaky ösüşler we üstünlikler
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilimli ýaşlary ýetişdirilýär, şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli birnäçe döwrebap kitaplar we ylmy neşirler çap edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2022-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ýokary okuw mekdebimiziň sentýabr aýy boýunça aýyň fakulteti boýunça «Amaly-haşam sungaty» fakulteti, aýyň kafedrasy «Sungaty öwreniş» kafedrasy, aýyň mugallymy jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy Guwanç Mämiýew, aýyň talyby «Binagärlik» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Baýramgeldi Ataýew mynasyp boldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymlary Maýa Jumanyýazowanyň we Jeren Baltaýewanyň «Egin-eşigiň taryhy» atly okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Dabanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektor N. Ýagşymyradow, «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň müdiri A. Kadyrowa, şeýle şol kafedrasynyň mugallymlary O. Muhatowa, A. Annaýew, G. Saparmyradowa çykyş etdiler. Bu okuw kitabynda Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň halklarynyň gadymy döwürlerden XX asyr aralygyndaky egin-eşikleriniň taryhy barada maglumatlary özünde jemleýär. «Egin-eşigiň taryhy» okuw kitaby «Gadymy döwürdäki we orta asyrlardaky egin-eşigiň taryhy» we «XIV–XX asyrlardaky egin-eşigiň taryhy» atly iki bölümden, 21 paragrafdan, egin-eşigiň taryhy boýunça adalgalaryň sözlüginden, peýdalanylan suratlar baradaky maglumatdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybaratdyr.
Dabarada çykyş eden halypa mugallymlar we sungaty öwrenijiler bu kitabyň dünýä halklarynyň egin-eşigini hem-de amaly-haşam sungatynyň täsin nusgalaryny ylmy taýdan öwrenmekde gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.
Hallygözel Muhammedowa,
«Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
4-nji ýyl talyby