Ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli dabara geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şonuň üçinem ylymly-bilimli, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ýaşlary terbiýelemek möhüm mesele bolup durýar. Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata-baba gelýän milli däbimizdir. Türkmenistan döwletimizde şeýle ajaýyp däp-dessurlarymyza biz hemişe uly ähmiýet berilýär. Merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli zamanlarynda bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem olaryň sarpasyny örän belent tutulýar.
Halkara Ýaşulular güni ýurdumyzda hem ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär. Şu nukdaýnazardan 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde Halkara Ýaşulylar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Bu baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulysy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory Babasary Annamyradow, Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulysy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew, il sylagly ýaşulysy Çaryýarow Aşyr we hormatly ene Ogulgül Annageldiýewa dagylar gatnaşdylar.
Bu baýramçylyk duşuşygynda il sylagly Ýaşulular talyp ýaşlara özleriniň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda gyzykly gürrüňleri ýaş nesillere gürrüň berdiler. Bu bolsa, ýaşlaryň kalbynda has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly itergi berdi. Baýramçylyk dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşan Ýaşululara we mähriban enelere çeperçilik akademiýanyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.
Döwrangeldi Moýtyýew,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy