DÖWLET SYLAGLARY BILEN GUTLAÝARYS

2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde Ruhyýet köşgünde dabaraly Döwlet maslahaty geçirildi. Döwlet maslahatynda birnäçe ýylyň dowamynda bellenilip geçirilýän, däbe öwrülen naýbaşy bäsleşikleriň biri bolan Türkmenstanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri hem yglan edildi. Bu bäsleşige sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp-ýaşlary hem özleriniň döredijilikli eserleri bilen işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew, “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Guwanç Mämiýew, “Binagärlik” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Baýramgeldi Ataýew we “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Amanmyrat Gurbanweliýew altyn zynjyr we “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýew “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna mynasyp boldular.
         Bu gün hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlamak dabarasy geçirildi. Dabarada ýokary okuw jaýymyzyň ýolbaşçylary ýeňiji bolan mugallymlarymyzy hem-de talyp-ýaşlarymyzy sungat ojagymyzyň abraýyny has-da belende galdyran ýeňişleri bilen mähirli gutladylar. Goý, hemişe eziz Diýarymyzda toýlar-toýa ulaşsyn, şular ýaly ýeňişleriň sany köp bolsun!










Gülşat Annaseýidowa,

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm