“Garaşsyzlyk baky bagtyň bahary” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Garaşsyzlyk – bu halkymyzyň baky buýsanjydyr. Garaşsyzlyk – bagtyýarlyk çyragy. Türkmen topragyň asudalygy, erkanalygyň buşlukçysydyr. Gahryman Arkadagymyz: “Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda şöhratly menzilleri geçdi” diýip, belleýşi ýaly şan-şöhrata beslenýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ösüşli ýollaryň taryhy wakalary dabaralanýar. Elbetde, Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni, sungat ugurlarynda uly üstünlikleri gazandy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip, atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Halkymyz her ýylda bolşy ýaly bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny uly dabara bilen belleýär.

    Şu gün Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Garaşsyzlyk baky bagtyň bahary” atly baýramçylyk dabara geçirildi. Baýramçylyk dabara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlary gatnaşyp, Garaşsyzlygymyzyň waspyny döreden sungat eserleri hem-de aýdym-sazly ýerine ýetirýärler. Sungat ojagymyzda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy çeperçilik akademiýasynyň taryhynda müdimilik galjakdygy bizi diýseň begendirýär.

    Bu dabarada Watanymyzyň ösüşleriniň waspyny beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli ýaş halyçylarymyzyň döreden gözel halylary we haly önümleri, galyberse-de halypa suratkeşlerimiziň ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän ajaýyp eserler sergimiziň gözelligine görk goşdy.

    Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, külli türkmen halkyny baky Bitarap mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 31 ýyllygy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys!

Ogulsona Öwezmyradowa

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm