Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ilkinji işleriň hatarynda ýaşlaryň sagdyn-ruhubelent, ylymly-bilimli bolmaklary, munuň bilen birlikde ýaşlaryň terbiýeçilik işlerini artdyrmak, olaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklardan hem-de zyýanly endiklerden daşda durmaklary babatynda uly işler alnyp barylýar.

    Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-ine mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek maksatly Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we Ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory Allamyrat Amandurdyýewiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň 3-nji bölümçesiniň müdiri Polisiýanyň kapitany Maksat Myradowyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýewiň, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň derňew bölüminiň sülçüsi Polisiýanyň kapitany Meýlis Kakabaýewiň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 



Ogulsona Öwezmyradowa

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm