“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda milli sungatymyzy ösdürmegiň esasy ugurlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Eziz diýarymyz özbaşdak ösüş ýolunyň ilkinji ädimlerinden başlap, mukaddes türkmen topragynda asuda we abadançylyk höküm sürýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýetli bolan, uludan tutulýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramy ýurdumyzda uludan toýlanýar. Merdana halkymyz bu guwandyryjy wakany kalplarynda baky ornaşdyrýar.
Her ýylyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda diýarymyzyň ähli künjeklerinde bilim edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär. 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň sentýabr aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda milli sungatymyzy ösdürmegiň esasy ugurlary” atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda diýarymyzyň gazanan üstünlikleri, bu ugurda ýokary derejede alnyp barylýan işler hem-de ylymda-bilimde ýetilen belent sepgitler baradaky çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de şekillendiriş sungatynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan beýik ösüşleri wasp edýän ajaýyp sungat eserleriniň mysaly hökmünde döredijilik eserleriniň ähmiýetli hakynda çykyşlarda beýan edildi.
Ogulsona Öwezmyradowa
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby