“40-njy güýz” atly döredijilik sergisiniň syn-maslahaty geçirildi
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda zehinli suratkeşleri ýüze çykarmakda hem-de olary dünýä ýüzüne tanatmakda uly mümkinçilik döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, güýz paslynyň ilkinji günlerinde 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde öz döwrüniň waspçysy hökmünde tanalýan zehinli suratkeşler Begenç Berkeliýew bilen Wepa Gurdowyň halka hödürlän “40-njy güýz” atly döredijilik sergisiniň syn-maslahty hem baý many-mazmuna eýe boldy. Şular ýaly türkmen tebigatyny, milliligini, türkmen zenanlarymyzy wasp edýän ajaýyp sungat eserleriniň döredijilik sergileriniň höwri köp bolsun!
Annaseýidowa Gülşat
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby