“KALBYŇ REŇKLI OWAZLARY” ATLY SERGIDEN GALAN TÄSIRLER
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli medeniýetimiz bilen bir hatarda şekillendiriş sungatymyzy ösdürmäge we ony dünýä ýüzüne ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri, biz ýaş sungaty öwrenijileri diýseň begendirýär. Arkadagly Serdarymyzyň esasy aladalarynyň biride, ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalardygyna biz düşünýäris hem-de buýsanýarys!
Ýakynda Türkmenistanistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynda zähmet çekýän on dokuz sany mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň sergiler jaýynda “Kalbyň reňkli owazlary” atly döredijilik sergisi açyldy. Bu sergide Türkmen halkymyzyň milli medeniýetini, gözel tebigatyny galyberse-de mukaddes türkmen ojagyny wasp edýän ajaýyp eserler görkezildi. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ösmegine özüniň saldamly goşandyny goşup gelýän Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almamedow, Kakageldi Gurbangeldiýew, Aşyrmuhammet Kulyýew, Polat Garryýew, Berdimyrat Toýçyýew, Gylyçmyrat Nurlyýew, Baýram Nuryýew, Guwanç Hojanyýazow dagylar özleriniň täze döredijilik eserleri bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň sungat söýüjilerine mynasyp sowgat etdiler.
Bu sergä aýlanyp, ondaky biri-birinden tapawutly ýazylan eserleriň üýtgeşik lezzet beriji güýjüniň bardygy we suratkeşleriň her biriniň giden täsin dünýäsiniň bardygy meni özine maýyl etdi. Çünki, her bir eseriň çuň manysyna aralaşmak meniň üçin kyn bolmady. Ussat halypalaryň hemmetaraplaýyn düşünjeleriniň bolmagy, olaryň döreden eserleriniň diňe bir milli sungatymyz üçin däl, eýsem-de halkara derejesinde hem ähmiýetiniň bolup biljekdigine ynandym.
Gözel tebigatymyzyň görküni özünde jemleýän bu döredijilik serginiň jemleýji dabaraly maslahaty uly hyjuw we joşgun bilen geçdi. Ondaky paýhasly çykyşlar bolsa, meniň üçin ýatdan çykmajak sapak boldy.
Ogulsona Öwezmyradowa
Türkmenistany Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby