KALBYŇ REŇKLI OWAZLARY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýetinde we sungatynda düpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şekillendiriş sungatynda amala aşyrylýan üstünlikler sungat wekilleriniň döredijilikli çemeleşmegine borçlandyrýar. Ýaňy ýakynda watanymyzyň mukaddes bilim ojagy bolan Türkmenistanistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty fakultetiniň” “Nakgaşçylyk” kafedrasynda zähmet çekýän ussat mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň sergiler jaýynda “Kalbyň reňkli owazlary” atly döredijilik sergisi açyldy. Bu sergide diňe nakgaş mugallymlaryň ýaşuly we ýaş kiçi nesliniň döredijiligi görkezilýär.

Döredijilik serginiň ähmiýetli tarapynyň ýokarydygyny bellemek gerek. Sebäbi,  2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binasynda şekillendiriş sungaty ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin diýseň uly mekdep bolup hyzmat etjekdigi şübhesizdir. Bu bolsa, geljekki ýaş suratkeşleriň sungat äleminde özleriniň döretjek eserleri bilen jemgyýetimiziň söýgüsini gazanmak ugrundaky maksatly menzilleriniň dowamaty bolmakda datly miwäniň nyşany bolup galjakdygynyň alamatyny görkezýär.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň on dokuz sany mugallymlaryň eserleri görkezildi. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň baýry nakgaş halypalaryndan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedow, Kakageldi Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýew,  Türkmenistanyň “Altyn asyr” baýragynyň eýesi Polat Garryýew dagylar özleriniň täze döredijiligi bilen çykyş etdiler. Bulardan başga-da, ussat nakgaş mugallymlar Berdimyrat Toýçyýewiň, Gylyçmyrat Nurlyýewiň, Baýram Nuryýewiň, Guwanç Hojanyýazowyň, Annageldi Jumanyýazowyň, Anna Annaýewiň, Merdan Nurmedowyň, Azat Myradowyň döredijilik eserleri görkezildi. Şeýle-de şu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny dürli ýyllarda tamamlan zehinli uçurymlary Meýlis Çaryýew, Gahryman Goçmyradow, Begenç Berkeliýew, Wepa Gurdow, Myratmergen Kulyýew, Maksat Hudaýberdiýew, Gülälek Saryýewa dagylar hem döredijilikli çykyş etdiler. 

Şekillendiriş sungatynyň taryhynda sungatyň bir ugry boýunça bileleşip sergini açmak Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kaferasynyň mugallymlarynyň döredijilikli pikiri boldy. Bu hem nakgaş suratkeşleriň ilkinji başlangyjydyr. Biz bu başlangyja döredijilik  serginiň aýratyn tapawutly ähmiýeti diýip düşünýäris.

Munuň diýseň täsirli tarapy bar. Biz sergini synlanymyzda  nakgaş şuratkeşleriň eserleriniň mazmunynda, döredijilik gözýetiminiň giňemeginde ussatlaryň öňde goýan maksatlarynyň üstünlikli amala aşýandygyny görýäris. Netijede nakgaşlygyň bir bitewiligi emele geldi. Bitewi pikir türkmen nakgaşlyk mekdebiniň dowam etmegini görkezýär. Her bir döredijilik eseri özüniň millilik häsiýeti bilen taryhda galmaly. Döredijilik sungat eserleriniň waspy bilen ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelenmeginde täsir galdyrmagy gazanmak ussat suratkeşleriň döredijiliginiň mazmunynda jemlenendir.

 Bilbil Çaryýewa, 

                                                                Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň uly ylmy işgäri 



                                                                                           

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm