Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilen giň mümkinçilikleri ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna uly höwes döredýär. Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagy ýaş suratkeşleriň, binagärleriň we dizaýnerleriň döredijilik üstünliklerine eýe bolmagyna, zehinli hünärmenleriň ukyp-başarnyklarynyň kämilleşdirmegine itergi berýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlary ýurdumyzda geçirilýän taslama bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, täze innowasion tehnologiýalarynyň kömegi bilen şäher bezeglerini, milli baýramçylyklaryna bagyşlanan sahna bezeg işlerini taslama görnüşinde ýerine ýetirýarler. Ýaş binagärler we dizaýnerler halypa mugallymlar Jumageldi Amangeldiýewiň, Aşyrmuhammet Kulyýewiň, Amanmyrat Modyýewiň, Baýram Bazarowyň, Ahmet Gulowyň, Sanjarbek Ismailowyň ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň köpriniň geçelgesiniň diwarlary we germewleri üçin niýetlenen bezeg taslamalary döretdiler. Taslamalarda türkmen halkynyň göz guwanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri, asuda asmanda ganatlaryny parahat ýaýyp duran durnalar, Ahal welaýatynyň binagärlik desgalary we ýadygärlikleri, amaly-haşam sungatymyzyň ajaýyp nusgalary, milli gymmatlyklary, gaýtalanmajak gözelligine eýe bolan türkmen tebigatynyň şekili sazlaşykly görkezilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda talyp ýaşlar Photoshop, 3ds Max, AutoCAD kompýuter programmalary, öňdebaryjy tehnologiýalary, gurluşyk materiallarynyň özboluşlylygyny, milli binagärligimiziň aýratynlyklary üstünlikli peýdalanyp, täze we döwrebap taslamalaryny döretmäge giň ýardam berilýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan kompýuter sowgatlaryna mynasyp boldylar.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.