Halkymyzyň asyrlara uzajak taryhy sahypasy


Mukaddes topragymyzda üstünlikli dowam edýän hem-de häzirki zaman taryhymyzy şöhratlandyrýan 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Mälim bolşy ýaly 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Bu möhüm ähmiýetli çärä Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de bilermenleriniň köp sanlysy gatnaşdylar. GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Parlamentara forumy taryh üçin ähmiýetli wakadyr. Taryhda türkmen halky hemişe agzybirlige, beýleki halklar bilen dostana gatnaşyklara ymtylypdyr. Türkmen halky hemişe dost-doganlyga uly sarpa goýupdyr. Şonuň üçin asyrlar boýy halkymyz parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, dost-doganlyga hormat sarpasy belentdir.

Häzirki döwürde Türkmenistan topragymyzda şu gymmatlyklara eýerilip, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeler dowam etdirilýär. Netijede adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilip, mukaddes Watanymyzyň halkara abraýy has-da beýgelýär. Bütin dünýä adamzadyň parahat ýaşaýyş durmuşyny wagyz edýän halkara forumy sebitde abadançylygyň mundan beýläk hem berkemegine söwda-ykdysady, ruhy-medeni ösüşleriň gazanylmagyna dost-doganlyk gatnaşyklaryň asyrlara uzamagyna getirjek taryhyň altyn sahypasydyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we zenanlaryň dialogynyň geçirilmegi duşuşyklaryň abadançylygyny, durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwlet dolandyryş ulgamyndaky gatnaşyklary, öňüni alyş diplomatiýasynyň, daşky gurşawy goramak ýörelgelerini, telekeçiligi, işewürligi, medeni, bilim, ylym we sungat gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, gender deňligini üpjün etmekde ýokary ähmiýete eýedir.

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanyp ajaýyp sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şeýle-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren Watanymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri hem-de amaly-haşam sungatynyň halyçylyk, zergärçilik, kermika ýaly görnüşlerinde döredilen sungat eserleri görkezildi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlarynyň hem-de zehinli talyp ýaşlarynyň döredijilik eserleri, halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de bilermenleriniň ünsüni özüne çekdi. Aýratynam, ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünäri hasaplanýan halyçylyk sungatynda we zergärçilik, keramika ýaly milli mirasymyza bagyşlanan eserlerde ýaş  zehinlerimiziň döredijilik pikirlerinde Watanymyza bolan mukaddes söýgüsi hakykylyk bilen şöhlelenýär.

Sergide görkezilen nakgaşçylyk eserlerinde zenan mertebesi giň mazmuna ýugrulan çeper döredijilik bilen çözülýär. Eserlerde türkmen topragynda enelerimize, gelin-gyzlarymyza bolan hormatyň,  sylag-sarpanyň belentligi aýdyň görkezilýär. Ýyly reňkleriň esasynda ýazylan nakgaşçylyk eserlerinde, türkmen zenanlarynyň çeper keşbi mukaddes ojagy saklamakda, nesli terbiýelemekde siňdirýän mähirli duýgulary şahyranalyk bilen wasp edilýär. Halkara çäräniň mazmunyny baýlaşdyran ýaşlarymyzyň döredijilik eserleri sergä gatnaşanlaryň söýgüsini gazandy.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm