Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýylyň-ýylyna uly şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilýär. Şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň hormatyna döredilen bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli her ýyl uly dabaralar, medeni-sport çäreleri, at çapyşyklary, dürli bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilýän bäsleşik hem şolaryň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da bu bäsleşige köp sanly eserler hödürlenilip, olardan iň gowulary saýlanyp-seçildi.
Ahalteke atlary milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Döredijilik bäsleşiginiň baş maksady olaryň tebigy ajaýyplygyny, özboluşly häsiýetlerini hem-de halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Gadymy döwürlerden bäri we biziň günlerimize çenli sungatyň dürli görnüşleriniň wekilleri öz eserlerinde bedewe bolan söýgüsini, onuň wepadarlygyny, syrdamlygyny, akyllylygyny, çapyp bilmek aýratynlyklaryny wasp edýärler, şeýle-de halkyň zehinini ebedileşdirýärler. Çünki şunuň ýaly kämil tohum atlary ýetişdirmek ençeme nesilleriň döredijiliginiň, biliminiň, sabyr-kanagatynyň we egsilmez döredijilik mümkinçilikleriniň netijesidir. Häzirki zaman türkmen sungatynda behişdi bedewler gözelligiň hem-de sazlaşygyň naýbaşy nusgasyna öwrüldi.
Milli bedew baýramy mynasybetli bu baýramçylyk dabarasynda bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilen işler iň nepis haly üçin, naýbaşy şaý-sepleri, bezeg lybaslary üçin, türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri üçin, iň gowy neşir önümi üçin, fotosuratlar, iň gowy telewizion şekilleri üçin diýen ugurlara laýyklykda saýlanyp alyndy.
Ýeňijileriň arasynda — Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik» kafedrasynyň mugallymy Batyr Soltanowa «Türkmen bedewi» atly nakgaşçylyk eseri üçin, şeýle-de «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew «Kanunyň portreti» atly foto işi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar — «Tolkun» telewizorlary we şahadatnamalar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri öz döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna, mundan beýläk-de olaryň keşbini öz döredijilik eserlerinde beýan etjekdiklerine ynandyrdylar.