Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen «Türkmeniň uçar ganaty» atly döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisiniň baýrak gowşurylyşyk dabarasy geçirildi. Ahalteke bedewiniň keşbini iň naýbaşy eserlerinde şekillendirip ýeňiji bolan ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlary we zehinli talyp ýaşlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm