2022-nji ýylyň aprel aýynyň 3-ine Hindistan Respublikasynyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezi künjeginde ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna geldi. Bu uly dabara mynasybetli teatryň zalynda şekillendiriş sungatyna degişli türkmen-hindi dostluk gatnaşyklary bilen baglanyşykly nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk eserleri sergilendi. Bu bolsa türkmen-hindi dostluk gatnaşyklarynyň has-da ösmegine itergi berýär.
Teatryň kaşaň sahnasynda belent mertebeli myhmanyň Türkmenistana döwlet saparynyň hormatyna ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy. Dabara «Dost-doganlyk ýollary» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Tomaşaçylar halk we häzirki zaman estrada aýdymlarydyr tanslary ýerine ýetiren artistleriň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar.
Halk döredijiliginiň nusgalaryny we türkmen halkynyň däp-dessurlaryny özünde jemleýän gadymy we baky juwan «Küştdepdi» tansyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» topary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Sahnada konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Parahatlyk aýdymy» atly aýdym halklaryň mizemez dostlugynyň özboluşly senasyna öwrüldi.