Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki bilim özgertmeleri ýaş neslimiziň döwrebap bilim almagyna, mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyna we iş usullarynyň kämilleşmegine güýçli itergi berýär. Bilim ulgamynda sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak arkaly okatmagyň innowasion usullaryndan işjeň peýdalanylýar. Şeýle-de dünýäniň ösen döwletleri bilen halkara maslahatlary, hünär aýratynlyklary boýunça onlaýn sapaklary, ders bäsleşikleri we döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.
2022-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň gurnamagynda italýan dizaýneri we arhitektory Kýara Moretti bilen «Täzelenmek. Dizaýn we geljegiň durnukly täze tehnologiýalary» atly onlaýn sapagy geçirildi. Onlaýn sapagy geljekgi gurluşyklarda ekologiýa taýdan arassa tebigata zyýansyz çig mallary netijeli peýdalanmak arkaly anyk maglumatlaryň mysalynda alnyp baryldy.
Italýan dizaýneri we arhitektory Kýara Moretti öz çykyşynda bambuk agajyndan ýerine ýetirilen pawilionyň gurluşygy hem-de dizaýn bezegi barada jikme-jik belläp geçdi. Açyk meýdanda bambuk agajyndan gurlan bu pawilion 2017-nji ýylda geçirilen festiwalda ýeňiş gazanypdyr. Kýara Morettiniň «Täzelenmek. Dizaýn we geljegiň durnukly täze tehnologiýalary» atly onlaýn sapagy diýseň täsirli boldy. Bu täsirli maslahatyň ahyrynda sorag-jogaplar we geljekgi sapaklar barada teklipler alşyldy.
Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dünýäniň ösen döwletleri bilen halkara maslahatlary, döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly geçirilýän onlaýn sapaklary özüniň oňyn netijesini berdi. Bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň hünärine bolan gyzyklanmasyny döredip, höwesini artdyrdy. Şeýle-de özbaşdak pikirlenmek endigini ýokarlandyrdy. Biz bu ösüşleri talyp ýaşlarymyzyň täze döredýän taslama binagärlik hem-de dizaýn eserlerinde aýdyň görýäris.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri