Häzirki döwrümizde biziň ýurdumyzda halk söýgüsini gazanyp, ýurdumyzyň milli medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine uly goşant goşýan zenanlar ençemedir. Olaryň içinde zenan suratkeşleri öz döredijiliklerinde zenan dünýäsini ussatlyk bilen açyp görkezýärler. Şekillendiriş sungatynyň taryhynda ussat zenan suratkeşlerimiz ähmiýetli eserlerini bize miras goýup gitdiler.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 8-nji martynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň bäsleşik sergisi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zenan suratkeşler we çeperçilik ugrundan bilim alýan talyp gyzlar özleriniň döredijilik eserleri bilen gatnaşdylar. Hödürlenen taslamalar türkmen tebigatyna, gündeki durmuşymyza, baýramçylyklara, milli mirasymyza, bahar güllerine bagyşlanypdyr. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar Gunça Goçmyradowa, Gullaýewa Mährijemal, Gültäç Annaýewa, Jennet Mollaýewa, Saryýewa Gülälek we talyplar Mahym Atakowa, Ogulsuraý Rozygulyýewa, Maral Begatowa, Leýli Karowa, Aýna Atamyradowa, Çynar Daşgynowa, Merjen Artykowa, Aýnabat Jumamyradowa, Şirin Myradowa, Aýjemal Ataýewa dagylaryň döredijilik eserleri halk köpçüligine görkezildi. Taslamalar örän çuň manyly bolup döwrebap temalaryň üsti bilen ýokary çeperçilik garaýyşynda beýan edilipdir. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa zenan mugallymlary we talyplary hem sergide ajaýyp işleri görkezdiler. Gunça Myradowa, Enejan Garaýewa, Merjen Amangylyjowa ýaly
birnäçe zenan suratkeşleriň bahar paslyna we zenanlaryň owadan keşbine bagyşlanan taslamalary sergilendi. Bulardan başga-da dürli welaýatlardan gelen erkin suratkeşler şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetirilen işleri bilen halk köpçüliginde uly täsir galdyrdylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan suratkeşleriniň bäsleşik sergisinde tapawutly eserler seljerilip, suratkeşlere baýraklar we hormat hatlar gowşuryldy.
Zenan dünýäsinden syzylyp çykan çuň manyly inçe sungat eserleri ähli döwürde hem öz gymmatyny saklap, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda tapawutly orunlary eýelediler.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy