Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan önjeýli işleriniň netijesinde döredijilik äleminde hem uly öňe gidişlikleri gazanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda medeniýetde we sungatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli 2022-nji ýylyň mart aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde halkara maslahatyň 3-nji «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda milli mirasymyzyň orny» atly bölümçesi döredijilikli geçirildi. Bu döredijilik maslahatynda suratkeşler, mugallymlar we sungat işgärleri türkmeniň milli mirasy, gadymy gymmatlyklary, ýurdumyzyň asudalygy, bagtyýarlygy, ýetip gelen milli bahar baýramyny we türkmen zenanlarymyzyň gözelliginiň şekillendiriş sungatynda tutýan ornuny aýdyň açyp görkezmek barada gyzykly çykyşlary etdiler. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda milli mirasymyzy wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak we döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Aýlar Hallyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby