Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan dynuwsyz işleriniň netijesinde döredijilik äleminde, milli sungatymyzy ösdürmekde hem uly ýokary derejeleri gazanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda özüniň mylaýym şemaly bilen öwsüp gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýagny mart aýynyň 1-2-sine Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahaty we sergisi uly dabara bilen geçirildi. Sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şeýle iri sergilere gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Sungatymyzdaky şeýle buýsandyryjy wakalaryň dabaralanmagy her bir sungat işgärini döredijilik ruhunda has-da ruhlanyp, täze-täze ajaýyp sungat eserleriniň döremegine iterýär.
2022-nji ýylyň mart aýynyň 2-sine hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem bu halkara maslahatyň «Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatynyň muzeý gymmatlyklaryndaky orny» atly ikinji bölümçesi işledi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň her bir döredilen eserleriň muzeý gymmatlyklaryndaky ornuny has aýdyň gürrüň berdiler. Maslahatdan soňra Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bagtyýar Watanymyzy, mährem eneleri, gözel zenanlarymyzy wasp edýän birnäçe eserleriniň sergisi görkezildi.
Sungat äleminiň gözelliklerini açyp görkezmekde biz talyp ýaşlara döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsunymyzy aýdýarys.
Gülşat Annaseýidowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby