Türkmen topragynda enelerimiz  mukaddeslik hökmünde sarpalanýar. Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen ojagynda wepalylygy bilen jemgyýetimiziň sazlaşygyny emele getirýän zenanlarymyza uly hormat goýulýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwrüne gadam basan «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly dabaralanýan ýylymyzda Halkara zenanlar gününiň öňisyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarada ýurdumyzyň suratkeşleriniň ajaýyp sungat eserlerinden sergisi görkezildi.

Halkara maslahatyň 1-nji bölümçesindäki «Şekillendiriş sungatynda ynsanperwer gatnaşyklarynyň waspy» atly döredijilik maslahaty Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Bu bölümçäniň meýilnamasy boýunça göz öňünde tutulan çykyşlaryň ählisi diňlenildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň bagtyýarlygyny, milli bahar baýramyny, türkmen gelin-gyzlarymyzyň gözelligini wasp edýän şekillendiriş sungaty we aýdym-saz sungatynda tutýan orny baradaky giňişleýin pikirler jemlenildi.

Ýerine ýetirilen çykyşlaryň içinden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy A.Ýagşyýewanyň Türkmen aýdym-saz sungatynda zenanlaryň waspyny ussat sazandalardyr-bagşylary gözel gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp keşbini, ussatlygyny, edermenligini, çeperligini wasp edýän birnäçe eserleriň  mysalynda beýan etdi. Akademiýanyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri O.Utomyşewanyň Türkmenistanyň monumental heýkeltaraşlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen heýkel eserleriň agramly böleginiň milli şahsyýetlerimize bagyşlanyp döredilendigini we  şol döredilen keşpleriň ählisine seredeniňde watançylyk ruhunyň galkynýandygyny täsirli çykyşynda beýan etdi. Akademiýanyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň uly mugallymy P.Garryýewiň nakgaşçylyk sungatynda döwrebap pikirlenmegiň waspyny özüniň gyzykly döredijiliginiň mysalynda döwrebap pikirleri özünde jemleýän durmuşyň dünýägaraýşyny döretmek baradaky çykyşy, döredijilik maslahatyna gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy G.Goçmyradowyň nakgaşçylyk sungatynda maşgala temasyna bagyşlanan suratkeşler hem dürli taslama çözgütlerinde maşgala mukaddesligini ündeýändigini dürli döredilen eserleriň mysalynda çykyşyny ýerine ýetirdi.  Şeýle-de «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy J.Baltaýewanyň zenan suratkeşleriň döredijilik dünýäsindäki eserleriň beýik döwrümiz bilen ajaýyp sazlaşygynyň bardygyny täsirli çykyşy bilen beýan etdi. Umuman ähli ýerine ýetirilen çykyşlar örän täsirli bolup, geljekde döredijilik işlerimize peýdaly maslahatlar dowam etdirildi.

«Şekillendiriş sungatynda ynsanperwer gatnaşyklarynyň waspy» atly 1-nji bölümiň maslahatynyň ahyrynda türkmen medeniýetimizi we sungatymyzy halkara derejesine çykarmakda döredijilik işgärlerine giň mümkünçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdylyp, Mähriban Arkadagymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üçin jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler. 

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm