«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda medeniýet we sungat pudaklarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty esasynda ýurdumyzyň üstünlikleri, däp-dessury, baýramçylyklary, ajaýyp tebigaty türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerinde wasp edilýär. 2022-nji ýylyň 1–2-nji martynda «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahaty we sergisi Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda geçirildi. Bu serginiň esasy maksady türkmen tebigatynyň ajaýyp keşpleri, gözel künjeklerimiz, bahar gülleri şahyrana suratlandyrylyp görkezildi.
Sergide Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan halypa suratkeşler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary, Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary ajaýyp işleri bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Nakgaşçylyk sungaty boýunça halypa suratkeşlerimiz Annadurdy Almämmedowyň peýzaž, natýurmort işleri, Guseýn Guseýnowyň şahyrana eserleri, Kamil Weliahmedowyň peýzaž taslamalary, Babageldi Owganowyň milli däp-dessurlarymyzy suratlandyrýan eserleri, Ata Akyýewiň, Aýnagözel Nuryýewanyň türkmen zenanlaryň gözel keşpleri we başga-da birnäçe nakgaşlar türkmen tebigatymyzyň gaýtalanmajak pursatlaryny we türkmen zenanynyň gelşikliligini we asyllylygyny beýgeldýän eserler bilen çykyş etdiler.
Grafika sungaty boýunça Döwletgeldi Akyýewiň, Döwletmyrat Durdyýewiň, Şatlyk Tagyýewiň, Gurban Tekäýewiň we beýleki ýaş grafikaçylaryň kitap bezegleri, stanok grafikasyna degişli işler görkezildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini bezeýän monumental taslamalaryň awtorlary, dünýä ýaň salan eserleri döreden Türkmenistanyň Hormatly il ýaşululary, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow we Saragt Babaýew öz döredijilikleriniň nusgawy işlerini halk köpçüligine ýetirdiler.
Amaly-haşam sungaty boýunça zergärler Myrat Sähedow, Salam we Göwher Nuryýewler, Şazada Orazberdiýew, Ogulgerek Myradowa, Şirin Gylyjowa, Aýjemal Çaryýewa inçelik bilen işlenen milli äheňde zergärçilik önümlerini çykardylar. Halyçylyk sungaty boýunça halypa suratkeşlerimiz Annabibi Islamowa özüniň inçe çitimli haly we haly önümlerini görkezildi. Birnäçe ýyllardan bäri bedew waspyny halyçylyk sungatynda ussatlyk bilen şekillendirýän, sýužet halylaryň awtory Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew hem nepis halylary bilen tomaşaçylary haýrana goýdy. Sergide görkezilen uly göwrümli halylarda bedewiň waspy, ajaýyp tebigatymyz hem aýratyn orna mynasyp boldy. Häzirki döwürde külalçylyk sungatynyň görnükli wekili halypa suratkeşimiz Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň işlerinde türkmen tebigatyň, zenan gözelliginiň we bedewleriň ýyndamlygy ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren işlerinde şöhlelenýär. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan keramikaçy talyplaryň hem eserleri görkezildi.
Türkmen dizaýn sungaty boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň orny uludyr. Talyplaryň ýyllyk we diplom işleriniň dizaýn taslamalary sergide aýratyn orny eýeleýär. Ýaş dizaýnerler milli lybaslaryň, interýer bezegleriň görnüşlerini, batik, witraž, ekibana ýaly dürli tehniki usullarda ýerine ýetirilen taslamalary baýramçylyk sergisiniň dabarasyny has hem artdyrdy.
Sergi bahar paslynyň ilkinji günlerinde açylmak bilen tebigatyň owadan pursady, şahyrana waspy, bahar gülleri suratkeşleriň döredijiliklerinde aýratyn orny eýeleýändigini görkezýär. Suratkeşler bahar paslynyň gözelligini owadan reňk sazlaşygynyň üsti bilen çözmek bilen bahar paslynyň mylaýym howasyny ussatlyk bilen suratlandyrýarlar.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerini wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda halkara maslahatlaryň we sergileriň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz milli şekillendiriş sungatymyzy dünýä çykarmakda, suratkeşlere erkin döredijiliklerini açyp görkezmäge giň şertleri döredip berýär.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy