Ýaşlar geljegimiziň mizemez binýady
Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip yglan edilen ýylda ähli pudaklarda üstünlikli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri öz eserlerinde ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri işjeň wagyz edýärler. Döwrümizi wasp edýän eserler ýaş nesilde watançylyk duýgysyny oýarmakda wajyp ähmiýete eýe bolýar.
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynda Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ykdysadyýetinde ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler dogrusynda taryhy çykyş etdi. Bu taryhy maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda we goldamagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Milli maksatnama eziz Watanymyzyň geljekki belent ösüşleridir. Bu taryhy maslahatda Alym Arkadagymyz: «Ýaşlar Watanymyzyň gönezligidir» diýip buýsanç bilen belläp geçdi. Ýaşlaryň alyp barýan ylmy-barlag, gözleg taslamalary ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşýar. Täze taslamalary işläp düzmekde, çeperçilik tarapyndan ýüze çykarmakda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň tutýan orny uludyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda fewral aýynyň 25-ine «Ýaşlar geljegimiziň mizemez binýady» atly mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Bu guralan söhbetdeşligiň maksady talyp ýaşlara berilýän ünsi güýçlendirmekden we olaryň alyp barýan ylmy işlerine ünsi güýçlendirmekden ybaratdyr. Çykyşlarda täze ýerine ýetirilýän taslamalar barada maglumatlar berilip, türkmen şekillendiriş sungatynyň görnüşleri bilen bagly işler görkezildi.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy