Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge uly üns berlip, bu ugurda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, biz ýaşlary örän buýsandyrdy.

2022-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Dutar-dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşulan milli mirasymyzdyr» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşykda türkmen dutary barada, onuň taryhy, gelip çykyşy, ýasalşy şeýle-de onuň türkmen sungatynda tutýan orny barada agzalyp geçildi.

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gadymy bolşy ýaly, halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň taryhy hem juda alyslara uzaýar. Dutar ýasamaklyk senedi, dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty halkymyzyň kalbynyň owazy bolup, ol merdana ata-babalarymyzyň ýaşaýyş, durmuş ýörelgelerinde mynasyp ornuny tapyp gelýär.

Aýlar Hallyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm