Dutaryň owazy dünýä ýaň salýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyz, pederlerimizden galan miras hökmünde goralyp saklanylýar hem-de öwrenilýär. Ata-babalarymyzyň döreden saz sungaty halkymyzyň ruhy dünýäsinde egsilmez hazyna hasaplanylýar. Halkymyzyň naýbaşy hazynalarynyň biri-de dutar saz sungatydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli dutarymyza bolan mukaddes söýgi eziz Diýarymyzda aýdym bolup dünýä ýaň salýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi» mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat türkmen dutar saz guralynyň gülläp ösmeginde öňe ädilen aýgytly ädim boldy.
Dutar saz guraly türkmen halkynyň göwün syrdaşy hasaplanypdyr. Taryhda ata-babalarymyz öz pikirlerini, arzuw hyýallaryny dutar sazlarynyň üsti bilen beýan edipdirler. Dutaryň mylaýym owazy ynsanyň kalbyna ylham berip ruhuny galkyndyrypdyr. Milli mirasymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Ruhy baýlyk köňlüň rahatlygydyr, ýaşaýşyň gözelligidir. Çünki ol bahasyna hiç bir gymmatlyk taý görülmeýän baýlygymyzdyr» diýip belleýär. Hakykatdan hem aýdym-sazyň owazynda ynsanyň ruhuny galkyndyryjy üýtgeşik bir güýç bar. Dutarda ýaňlanýan şirin sazlarda ýurdumyzyň bagtyýarlygy wasp edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi» mynasybetli dabaraly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlarynyň döreden şekillendiriş sungatynyň eserlerinden gurnalan sergi, türkmen dutarynyň şöhratyny dabaralandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny açyp görkezdi. Türkmen halk aýdym-sazlary şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika ugurlarynda ýerine ýetirilen talyp ýaşlarymyzyň döredijiliginde orun aldy. Bu sergide nakgaşçylyk sungatynda şöhlelendirilen aýdym-sazlarymyz asyrlar aşyp, nesillerimize gelip ýeten meşhur halypalaryň keşbinde janlandyrylmagy sergä tomaşa edenleriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Şekillendiriş sungat eserleriniň taslamalaryndaky ýerine ýetirilen gahrymanlaryň keşplerinde, dutarda çalynýan halk sazlaryna içgin aralaşan hereketleriň täsiri ýiti häsiýetde janlandyrylýar. Dutaryň owazyndan ýaňlanýan aýdym-sazlar daş-töweregi gurşap alan märekäniň ruhuny galkyndyryjy nyşan bolup öňe çykýar. Eserleriň reňkleriniň sazlaşygynda janly durmuşyň tebigylygy emele gelýär.
Talyp ýaşlarymyzyň heýkeltaraşlyk sungatynda janlandyran bagşy-sazandalaryň keşplerinde içki duýgularyň açylmagyny beýan etmekdäki çylşyrymly hereketleriň ýitiligi, ýaş suratkeşleriň döredijilik gözlegleriniň köpdürliligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen dutaryna bagyşlanan dabaraly maslahatyň çäginde gurnalan bu sergi bagtyýar döwrümiziň taryhynyň ýene-de bir ajaýyp pursatydyr.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri