Ýaş alymlaryň dabaraly maslahaty
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýaşlaryň has-da dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim-ylym almaklaryna giň mümkinçilikler döredildi. Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp ýurdumyzyň ýaş nesilleri birnäçe ylmy işleri ýerine ýetirdiler we häzirki wagtda hem alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň alyp barýan ylmy işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezini döretdi. Ýaş alymlar merkeziniň agzalary ýurdumyzyň ösüşinde özüniň goşandyny goşýan birnäçe ylmy taslamalary ýerine ýetirip, häzirki wagtda birnäçe edara-kärhanalarda iş ýüzüne geçirildi. Ýanwar aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýaş alymlaryň orny» atly ylmy-amaly maslahaty we ýaşlaryň ylmy-barlag işleriniň, oýlap tapyşlarynyň sergisi geçirildi. Bu dabaraly çäre ýurdumyzda Ýaş alymlar merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly gurnaldy. Ýaş alymlar merkeziniň döredilmegi bilen ähli ýokary okuw mekdeplerinde häzirki wagta çenli alnyp barylan ylmy-barlag işleriň we taslamalaryň naýbaşylary sergilendi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň alyp barýan çeper taslamalary hem bu çärede aýratyn orny eýeledi. Milli mirasymyz şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleriniň üsti bilen açylyp görkezildi. Sergi dabaraly ýagdaýda geçirilip, ylmy-amaly maslahat bilen çäre dowam etdirildi. Geljekde ýaş nesilleriň watansöýüji hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaklarynda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy