Milli mirasymyz – türkmen alabaýy


Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň biri bolan «Türkmen alabaýy» atly kitabynda «Alabaý iti türkmeniň aslyna, özenine kybapdaşdyr. Çünki türkmenlere ganhor it däl-de, wepaly dost we kömekçi bolup biläýjek it gerek bolupdyr. Bu itler dünýäde nähili atlar bilen atlandyrylsa-da, olar şu gadymy topragyň döreden hakyky sungaty – päkize türkmen gymmatlygy hökmünde ykrar boldy» diýip belleýär.

Hakykatdan-da türkmen alabaýlary gadymy döwürden şu günümize çenli özüniň gymmatlygyny, türkmen halky üçin ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki ata-babalarymyz iti wepalylygyň, goraglylygyň, üstünligiň nyşany hasaplap, gadymyýetden ony maşgala ojagynyň goragçysyna, ýakyn dostuna, çopanyň wepaly kömekçisine öwrüpdirler. Taryha ser salanymyzda, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda terbiýeläp ýetişdiren alabaýlaryň olaryň durmuşynda, ruhy dünýäsinde uly orun eýeländigine göz ýetirmek bolýar.

Türkmen alabaýlarymyzyň äleme ýaň salýan keşbini şekillendiriş sungatynda hem aýdyň görmek bolýar. Muňa ýurdumyzyň çägindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan itiň şekiline meňzeş heýkeljikleriň tapyndylary şaýatlyk edýär.


Taryhy maglumatlardan ugur alyp, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-28-i aralygynda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Söwda we senagatçylar birleşiginde türkmen alabaýlaryna bagyşlanyp halkara derejesinde sergi geçirildi. Mähriban Arkadagymyzyň milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlarymyzy dünýäniň milli mirasynyň sanawyna goşmak üçin alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň talyp ýaşlary hem türkmen alabaýlarymyzyň nusgawy keşbine bagyşlap döreden ajaýyp döredijilik eserleri bolan milli amaly-haşam, heýkel, nakgaş eserleri bilen milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň keşbini sungat eserlerinde şekillendirdiler.

Biz talyp ýaşlara milli mirasymyzy öwrenmäge we milli ruhda döwrüň talabyna laýyk gelýän sungat eserlerini döretmäge berýän çäksiz mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza talyp ýüregimizden köp sag bolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almgyny arzuw edýäris!

Gülşat Annaseýidowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm