El hünäri – il gezer


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemäge, halkymyzyň medeni mirasyny ylmy esasda düýpli öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga we gorap saklamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýaşlary watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde we olaryň kalbynda şöhratly ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine söýgi döretmekde wajyp ähmiýete eýedir.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «El hünäri – il gezer» atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem bu bäsleşigiň ilkinji tapgyrlary geçirilip, talyp gyzlaryň el hünär başarnyklaryny ýüze çykaryp, nesilden-nesle geçip, sungat derejesine ýeten el işleriň görnüşlerine bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly kitaplarynda türkmen zenanlarynyň ukyp-başarnygyny, ussatlygyny görkezýän inçeden nepis el işleri barada beýan edilýär. Çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp gyzlary alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryny ýol görkeziji, milli mirasymyzy täzeçe garaýyşlar bilen çuňňur öwrenmäge ruhlandyryjy esas bolup peýdalanýarlar. Bäsleşikde haly dokamakda, keşde çekmekde, keçe basmakda, zergärçilik şaý-seplerini ýasamakda, küýzäniň ýüzünde milli nagyşlaryny çekmekde we ýan torbada «güjük yzy» nagşynyň şekillendirişi boýunça çykyş eden gyzlaryň her biri gadymyýetden gelýän amaly-haşam sungatynyň çeperçilik gymmatyna bolan hormatyny atrdyrdy.

Türkmen gelin-gyzlarynyň döredýän el işleri ýerine ýetirilişi taýdan kämilligi we nagyşlarynyň çeperçiligi, öwüşgininiň inçeligi hem-de çuňňurlygy bilen tapawutlanyp, talyp ýaşlaryň gadymyýetden gelýän milli nusgalary esasynda ençeme sungat eserlerini döretmäge itergi berjekdigine şübhesizdir.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm