«Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan, Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!» atly dabara
2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan. Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!» atly milli mirasymyza bagyşlanan dabara geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplarynda hem-de 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy watançylyk sapagynda beýan eden türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek, bu dabaraly çäräniň baş maksady boldy. Dabaraly çärede ussat mugallymlaryň gatnaşmagynda türkmen senetçiliginiň kämil sungat derejesine öwrülen haly, keçe basmagyň, keşde gaýamagyň, egin-eşik, kürte, don, tahýa, zergärçiligiň, demirçiligiň, neçjarçylygyň, külalçylygyň, bedewiň şaý-seplerini we esbaplaryny, dutar ýaly halk senetçiliginiň usullary görkezildi.
Gahryman Arkadagymyzyň milli sungatymyzyň özboluşly usullaryny, däplerini we tilsimlerini dowam etdirmek, gaýtadan dikeltmek hem-de döwrebaplaşdyrmak baradaky atalyk öwüt-ündewlerini, gymmatly nesihatlaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň tebigy zehinlerini hem-de el hünärlere bolan endiklerini ýüze çykarmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek, döredijilige, el işlere, sungata bolan höweslerini has-da artdyrmak bolup durýar. Aýdym-saza beslenen dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýola goýlan halypa we şägirtlik mekdebiniň alnyp barlyşynyň birnäçe görnüşleri görkezildi.
Bu baý we gözüňi dokundyrýan el işleriniň dabarasy ýatdan çykmajak taryhy pursada öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, halkymyzyň milli senetçiliginiň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri