Peýdaly önümçilik okuw sapagy geçirildi
2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň binagärlik toparynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna gelip önümçilik okuw sapagyny geçdiler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary sungat ojagymyzyň binagärlik kafedrasynda meýilnama esasynda okadylýan okuw dersleri bilen tanyşdyryp, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren taslama eserlerini görkezdiler. Mugallymlar binagärlik taslama eserleri ýerine ýetirilende, onuň birnäçe talaplarynyň bardygyny aýtdylar. Talyplara berilýän ýumuşlarda islendik binanyň taslamasy çözülende, gurluşyk kadalaryndan ugur alnyp, eseriň birnäçe gözlegleri geçirilip, belli bir binagärlik keşbi tassyklanandan soňra, binanyň ähli tarapdan dogry ölçegleriniň ýerine ýetirilişiniň yzygiderligini giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň diplom işleri bilen tanyşdyrdylar. Çeperçilik akademiýasynda ýola goýlan «Gujurly ýaşlar» sergisinde gatnaşdyrylýan binagärlik taslama eserleri hem görkezildi. Okuw jaýynda halypa şägirtlik mekdebiniň ösdürilişi ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda bellenildi. Geljekde ýurdumyzyň binagärlik sungatyna goşant goşjak ýaş zehinleriň ýüze çykmagy ugrunda alnyp baryljak meýilnamalaýyn işleri bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen önümçilik okuw sapagy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň binagärlik toparynyň talyp ýaşlarynda uly täsir galdyrdy. Talyp ýaşlaryň birnäçesi akademiýanyň mugallymlary bilen özlerini gyzyklandyrýan sorag-jogaplary alyşdylar. Önümçilik okuw sapagynyň dowamynda çeperçilik akademiýanyň mugallymlary talyp ýaşlara ýüzlenip, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky üns-aladanyň ilkinji orunlarda durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Beýik ösüşleri bilen ady dünýä dolan Diýarymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, saýlan hünärlerinden kämil baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin çäksiz mümkinçilikleriň döredilip berilýändigini, bu döredilýän mümkünçiliklerden dogry peýdalanyp, ondan ylham alyp, talyp ýaşlaryň öz gezeginde saýlap alan hünärlerine ygrarly bolmalydygy aýdyldy.
Bilbil Çaryýewa,