Halypanyň ýoly bilen


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan milli ýol-ýörelgeleri öwrenmek baradaky taglymatlary häzirki zaman medeniýetimiziň döwrebap ösmegine we dünýä döwletleriniň arasynda özüniň mynasyp ornuny tapmaga gönükdirilýär. Bu ugurda sungaty öwrenijileriň alyp barýan wagyz-nesihat işleri hem uly orun tutýar.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň mirasy gadymy döwürlerden bäri kämilleşip özüniň ýerli häsiýetleri we labyzly keşpleri bilen dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. XXI asyryň sungat ussatlarynyň öňünde duran örän wajyp meseleleriň biri hem türkmen ýaşlaryny milli ruhda terbiýelejek eserleri döretmekden ybarat bolup durýar. Şu günlerde öz taryhyňy, nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryňy bilmek we onuň ösüşini dowam etdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy biziň hemmämiz üçin mälimdir. Hut şonuň üçin hem her bir sungat ussadynyň kalbynda täze garaýyşlar we pikirler möwç urýar.

Türkmen sungaty özüniň milli senetçilik däpleri bilen dünýä ýüzüne özüni tanatdy. Soňky döwürlerde döredilen sungat eserleriniň ajaýyp nusgalarynda suratkeşleriň öz zamanasyny, taryhy delilleri,  şeýle-de gözelligi beýan etmeklige ýykgyn edýändikleri görünýär. Olaryň arasynda ussat halypa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýew ýaly heýkeltaraşlarymyz hem bar.

Häzirki döwürde türkmen heýkeltaraşçylyk sungatyna uly orun berilýär. Sungatda täze döreýişler goldanylyp, ajaýyp monumental toplumlaýyn heýkel eserleri döredilýär. Şeýle çeperçilik döredijiligiň ösüşiniň üpjün edilýän zamanasynda türkmen heýkeltaraşlaryň döredijiligini öwrenmeklik örän lezzetdir.

Heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiligini öwreneniňde ilkinji nobatda gözellik we millilik hakynda soraglar ýüze çykýar:

«  Eýsem gözellik nämekä?

— Gözellige belli bir anyk kesgitleme bermek kyn. Ýöne gözelligiň barýan ýoly kämillikdir» diýip halypa heýkeltaraş belleýär. Saragt Babaýewiň eserleri onuň kämillige ymtylýan, sungatyň inçe syrlaryna aralaşýan ussat heýkeltaraşyň zähmetsöýerligini we päk ýüregini açyp görkezýär.


Halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew eserlerinde çeper çözgütleri inçe lirika bilen ýerine ýetirmegi ussatlarça başarýar. Sebäbi köp ýyllaryň dowamynda  zähmetiň netijesinde ýüze çykan, heýkellerde halypanyň taraşlama dilini biz eýýäm tanaýarys. Bu aýratynlyk ussady beýgeldýär, onuň eserlerini bolsa ebedileşdirýär. Saragt Babaýew heýkeltaraşlyk sungatynyň ähli žanrlarynda kiçi göwrümli eserlerden başlap, monumental ýadygärliklerde, hatyra toplumlarda özüni yhlasly işleri bilen tanatdy. Bu üstünlikleri Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatynyň galkynan döwründe Garaşsyzlyk binasynyň heýkel toplumyndaky şahsyýetlerimiziň, ylham seýilgähiniň heýkelleriniň ebedilik keşbinde görýäris.

Adaty heýkeltaraş özünde hiç hili serhet saklamaýar. Ol adamyň içki dünýäsini, ruhy häsiýetini açyp görkezmekde bütin ömrüni bagyş eden ussat. Saragt Babaýew şöhratly durmuş ýolunyň dowamynda heýkeltaraşlaryň köpsanly ýaş zehinleriniň başynda durup, Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatynyň hazynasyna ussat şägirtleri ýetişdirmekde hem uly işleri bitirip geldi. Onuň döredijilik pikirleriniň durmuşa aşmagynda ýakyndan ýardam edip gelýän Arkadag Prezidentimiz halypa heýkeltaraşyň sungatyna uly sarpa goýup, oňa hemişe ynam bildirýär. Mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödemek üçin bolsa, ussadymyz Saragt Babaýew özüniň halypa we şägirtlik ýoluny dowam etdirip, şöhratly Watanymyzyň sungatyna mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýarys.

Azat Alihanow,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň uly mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm