Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt
2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda, ýokary okuw mekdebiniň «Halyçylyk» hünäriniň mugallymy Jeren Çaryýewanyň talyplaryň hem-de okuwçylaryň arasynda «Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt» atly geçiren açyk sapagy örän täsirli boldy. Halyçy mugallym amaly-haşam sungatynyň görnüşi bolan haly we kilim dokamak sungatynyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän taryhy barada we gyz-gelinlerimiziň el hünäri bolan bu inçe sungaty gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähmiýetli işleri barada gyzykly gürrüňler berdi. Açyk sapagyň dowamynda ussat mugallym okuwçy gyzlaryň özlerine halyny dokadyp görkezdi. Mugallymyň haly sungatynyň taryhy bilen bagly aýdyp beren rowaýatlary we halynyň her bir çitiminiň aýratynlygy baradaky beren gürrüňleri talyp ýaşlarda hem-de okuwçy gyzlarymyza oňat tejribe boldy. Bu bolsa ýaş halyçy gyzlarymyzyň hünärine bolan höwesiniň artmagyna itergi berdi.
Aýlar Hallyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby