«El görki — hünär»
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, halkymyzyň milli senetçiliginiň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmeklige uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň arasynda «El görki–hünär» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýunyň hem-de baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň uludan dabaralanan ýylynda, ýagşy umyt-arzuwlaryň baýramy bolan Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda geçirilen bu bäsleşik ýaş nesillerimiziň baýramçylyk sowgady boldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden okuwçy oglan-gyzlarynyň ýerine ýetiren el işleriniň arasynda haly dokamak, keşde çekmek, örüm örmek, milli senetçilik däplerimiz, maketler, gurnama we beýleki işler esasynda taýýarlanan döredijilik eserleri gatnaşdyryldy. Bäsleşige hödürlenen işlere emin agzalarymyz tarapyndan işiň nepisligine, wajyplygyna we ýerine ýetiriliş ussatlygyna okuwçylaryň köpçülikde çykyş etmek endiklerine we ukyplaryna saýlanan temanyň maksadalaýyklygyna hem-de onuň gatnaşyjy tarapyndan esaslandyrylyşyna baha berip ýeňijileri yglan etdiler. Bäsleşik aýdym-sazly dabara bilen dowam edip, üstünlik gazanan okuwçy oglan-gyzlarymyz diplomlar hem-de sowgatlar bilen sylaglandylar.
Ene-mamalarymyzdan we ata babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyz hakykatdan-da, halkymyzyň baý mirasyny taryp edýän tükeniksiz çeşme hasaplanylýar. Bu milli gymmatlyklarymyz ýaş nesillerimiziň kalbynda ebedilik orun aldy. Ýaşlarymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsi, päk arzuwlary dürli şekilleriň üsti bilen döredilen eserlerde aýdyň görkezilýär.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri