Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da artýar.
2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary joşgunly çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ylalaşdyryjy, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkidiji, hoşniýetli dostluk gatnaşyklary ösdürýän merkez hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.
Türkmenistan dünýäde döreýän kyn meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik usullar bilen çözmek ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyzyň ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasaty, ýeten sepgitleri, gurlup ulanylmaga berlen ajaýyp binalary türkmen şekillendiriş sungatynda öz mynasyp beýanyny tapýar.
Ýaş suratkeşleriň döredijilik ýolunda Watanymyzdaky ösüşleri beýan etmek we ony ýetirmek türkmen Bitaraplygynyň hoşmeýilli we parahatçylykly ýörelgelerini şöhlelendirilip,  diýarymyzyň bagtyýar durmuşy we halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze eserleriň üsti bilen tomaşaçylara ýetirýärler.  Bu bolsa, bizi diýseň begendirýär.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm