Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şygryna bagyşlanyp geçirilen hoşallyk maslahaty
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ýylynda ýurdumyzda Halkara bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary uludan toýlandy. Mähriban Arkadagymyz «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly ajaýyp şygryny türkmen halkyna şanly baýram mynasybetli serpaý ýapdy.2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şygaryna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda ýokary okuw jaýymyzda ruhubelent zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de kalby buýsançdan doly talyp ýaşlarymyzyň joşgunly çykyşlary ýerine ýetirildi. Çykyşlarda türkmen halkynyň bagtyýar geljeginiň şanyna Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren her bir gymmatly eserleriniň nusgalyk mekdepdigi bellenildi. Aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olaryň aň-düşünjesini ösdürmekde, ata-watanymyza bolan söýgüsini artdyrmakda, sagdynlygyny berkitmekde, adamkärçilik duýgusyny beýgeltmekde edebi çeşme bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy. Şeýle-de goşgy setirlerinde beýan edilýän her bir jümläniň aňyrsynda agzybir bolmak, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlygy berkitmek ýaly düşünjäniň jemlenendigi aýdyldy. Bu bolsa diňe türkmen halkynyň däl, eýsem-de ýer ýüzünde parahat ýaşaýşyň dowamaty bolup, umumadamzat üçin bähbitlidigi bellenilip geçildi.Hoşallyk maslahatynyň çäginde geçirilen «Şekillendiriş sungatynda parahatçylygyň waspy» atly tegelek stolda mugallymlaryň gepleşik ýazgysy ýerine ýetirildi. Ýerine ýetirilen çykyşlarda türkmen suratkeşleriniň döredýän eserleriniň gözellik bolup öňe çykýandygy, şol bir wagtyň özünde ynsan ruhuna oňaýly täsir edip, ýaşaýşa bolan höwesini artdyrmakda sungat eserleriniň aýratynlygy barada bellenildi. Döredijilik eserlerinde türkmen halkymyzyň beýik ösüşleri, asuda durmuşymyzyň waspy geçmiş taryhymyza ýüzlenilip, milli nyşanlar esasynda halk köpçüligine ýetirilýändigi teleýaýlyma ýazyldy.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri