Döredijilik duşuşygy
2021-nji «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dekabr aýynyň 15-ine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda akademiýanyň «Halyçylyk sungaty» hünäriniň mugallymy Jeren Çaryýewa «Arşyň nepisligi-ýürekleriň joşguny» atly tema bilen çykyş etdi. Mugallym öz köküni irki döwürlerden alyp gaýdýan haly sungatynyň taryhy barada söhbet açdy. Ol ene-mamalarymyzyň we gyz-gelinlerimiziň el hünäri bolan bu sungaty gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähmiýetli işleri barada gyzykly gürrüňler berdi. Watanymyzda halyçy gelin-gyzlar üçin oňaýly şertleri bolan çeper halyçylyk kärhanalarynyň binalary yzygiderli gurulýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat halypalaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlara halyçylyk sungatynyň inçe syrlary öwredilýär. Mähriban Arkadagymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykýan ajaýyp kitaplar bolsa, her bir ugurda görelde mekdebi bolup durýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplardaky wakalar rowaýatlaryň üsti bilen haly sungatynyň taryhyndan, şu güne çenli milli mirasymyz bolup, geljekki nesillere nusga bolup durýandygy şeýle ajaýyp çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Talyp ýaşlaryň we myhmanlaryň gatnaşmagyndaky ussatlyk sapagy bolan bu döredijilik duşuşygy aýdym-sazly çykyşlar bilen has-da ruhubelentlige beslendi.Ynha şeýle döredijilik duşuşyklary haly we gobelen sungatynyň taryhyny, sungat, medeniýet gymmatlygyny öwrenip, wagyz edip, Watanymyzyň şan-şöhratyny, maddy medeniýetiniň özboluşly ýeke-täkligini görkezmek döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esasy maksat bolup durýar.
Ýalkym Taganowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby