2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2021-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleriniň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.Wagyz-nesihat çäresinde 2021-nji «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan zähmet üstünlikleri barada çykyşlar ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň gysga taryhy döwür içinde Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginde, at-abraýynyň dünýä ýüzünde artmagynda durmuşa geçiren beýik işleriniň türkmen halkynyň hem-de umumadamzat üçin bähbitlidigi bellenilip geçildi. Şeýle-de Milli Liderimiziň beýik tutumlarynyň sagdyn ruhly ýaşlary terbiýelemekde milli mekdepdigi çykyşlaryň özenini düzdi.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri