«Bitaraplyk-parahatlyk binýady» atly açyk okuw sapagy

Her bir döwletiň taryhynda asla ýatdan çykmajak seneler bar. 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-si Türkmenistanyň durmuşynda şeýle seneleriň biri boldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» kararnamasyny kabul etdi. Şol kararnamada bolsa, BMG-nyň agzalary bolan döwletleriň Türkmenistany Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etmegi, ýurdumyzyň şu halkara–hukuk derejesine, onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we ýerleriniň bitewiligine sarpa goýmagy we olary goldamagy göz öňünde tutulýar. Munuň taryhy ähmiýetli wakadygy şübhesizdir. Türkmenistan döwletiniň baky bitaraplyk syýasaty bu günki günde dünýä halklaryny jebisleşdirýär we parahatçylyga çagyrýar. Parahatçylyk, hoşniýetlilik Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynda esasy orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuz durmuşyň höküm sürmegi boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde asudalygyň we parahatçylygyň saklanmagyna uly üns berýär.
Şeýle parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi wasp edip şekillendiriş sungatynyň wekilleri birnäçe eserleri döredýärler. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergiler müdirliginiň sergiler jaýynda ýurdumyzyň Halkara Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-buýsanjym» atly ussatlaryň döredijilik işleriniň sergisini açdy. Döredijilik sergide zehinli suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, amaly-haşam sungaty işleriniň mysalynda «Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» dersinden «Bitaraplyk- parahatlyk binýady» atly açyk okuw sapagy geçirildi.
Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Bitaraplyk toýy-agzybirligiň, parahatçylygyň toýy. Agzybirligi, parahatçylygy ýaran edinen türkmen halkynyň toýlary goşa-goşadan gelýär. Döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň talaplaryna laýyklykda dünýäde parahatçylygy, agzybirligi, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Bitaraplyk netijesinde halkymyzyň dost-doganlyk gerimi has-da giňäp, eziz diýarymyzyň günsaýyn özgerişlikleriniň, Aşgabat şäherimiziň owadan binalarynyň ajaýyp keşbi, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni ösüşleri ussat suratkeşleriň sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Olarda Watanymyzyň Baky Bitaraplygy, asudalygy, parahatçylygy wasp edilýär.
Parahatçylygyň sakasynda duran mähriban Arkadagymyza ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge döredip beren mümkinçiligi üçin onuň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt, bütin adamzat bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Gülälek Keroglyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm