Edep – bagtyň sakasy

2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirki zaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda döredip berýän giň mümkinçiliklerini, berýän öwüt-nesihatlaryny talyp ýaşlara düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli geňeşiniň, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesliň röwşen geljegi ugrundaky aladalar baş wezipeleriniň hatarynda durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagy, hususan-da, Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan möhüm wezipeler we onuň milli ruhly ýaşlary kemala getirmekdäki orny, Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda durmuşa geçirýän özgertmeleri, ýurdumyzda kanunbozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler, talyp ýaşlar bilen geçirilýän okuw terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti, ýaş nesilde watansöýüjilik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ynsaplylyk, janypkeşlik, adamkärçilik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklary, şeýle-de, ýaşlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp barmagyň kada-kanunlary, kanunbozulmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň şaýollarynda, köçelerinde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we milli ýörelgelerine eýermek, beýleki dini akymlaryndan daşda durmak, internet ulgamyndan ylym-bilim bilen baglanyşykly maksatlaýyn peýdalanmak ýaly meseleler dogrusynda nygtalyp geçildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdigini aýtdylar. Taryhda ata-babalarymyz öz perzentlerini watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp gelendiklerini nygtadylar.   Şonuň ýaly-da, kämil ýaş nesli kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň ähmiýeti dogrusynda bellenildi.


Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm