«Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň we şan-şöhratynyň barha artýandygy biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýar.
2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleri, alymlar hem gatnaşdylar.
«Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara derjesindäki webinarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow, sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mygallymy Azat Annaýew, bagtyýarlyk döwrümizde şekillendiriş sungaty pudagyndaky halkara döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek we ýaş suratkeşleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň şertleri nygtaldy. Halypa mugallymlar öz çykyşlarynda häzirki wagtda çeperçilik akademiýasynda sungatyň on ýedi ugry boýunça ýaşlara hünär bilimi berilýändigini aýdyp, şol ugurlar boýunça talyplarymyzyň ýerine ýetiren döredijilik işleri bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň dabaralanmagy mynasybetli yglan edilen döwlet derejesindäki bäsleşiklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň üstünliklerini aýdyp, şekillendiriş sungatynyň ösmegine hem-de dabaralanmagyna badalga bolýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri