Kalba ynam, köňle ylham
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir asylly işleri türkmen halkyna bolan belent söýgüni äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bagtyýarlyk döwri medeniýet we sungat baradaky döwlet syýasatynyň has-da belent derejelere göterilen eýýamyna öwrüldi. Şeýle hem häzirki wagtda Watanymyzyň medeniýet we sungat ulgamy Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ösüşiň täze tapgyrlaryny başdan geçirýär. Bu günki günde türkmen medeniýetiniň we baý sungatynyň derejesini ylmy taýdan öwrenmek bolsa, biz ýaşlarda ýurdumyza, geçmiş taryhymyza, milli medeniýetimize, çeper sungatymyza bolan buýsanjy goşalandyryp, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Türkmen sungatynyň ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýerine ýetirilýän döredijilik işleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Sungat ojagynda zähmet çekýän halypa mugallymlar bilen bir hatarda, zehinli talyplaryň okuw sapaklaryndan daşary, özleriniň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, özboluşly çeper eserleri döretmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilen. Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň ýokary okuw jaýymyzda «Aýyň fakulteti», «Aýyň kafedrasy», «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly bilim bahalandyryş bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. 2021-2022-nji okuw ýylynyň birinji ýarymýyllygynyň oktýabr aýynda ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň alyp barýan işlerinde ýokary netijeleri görkezip, «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly hormatly atlara mynasyp boldular.
Oktýabr aýynda «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň uly mugallymy Aşyrmuhammet Kulyýew «Aýyň mugallymy» adyna mynasyp boldy. Ol okuw sapaklaryny talaba laýyk alyp barmakda, türkmen şekillendiriş sungatyna öz döreden ajaýyp eserleri bilen goşant goşmakda, şeýle-de jemgyýetçilik işlerine we teleýaýlymlarda çykyşlary ýerine ýetirmekde alyp baran işleriniň netijeleri boýunça ýokary bahalar bilen kesgitlenildi. «Aýyň talyby» adyna «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Aýlar Hallyýewa mynasyp boldy. Ol okuw sapaklarynda ýokary netijeleri gazandy hem-de metbugat sahypalaryna makalalary bilen işjeň gatnaşdy. «Aýyň kafedrasy» adyny bolsa «Sungaty öwreniş» kafedrasy mynasyp boldy. «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň görkezen üstünlikleri ýeňiji bolmaga ýardam berdi. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan mugallymlar we talyplar hormat hatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşikde ýeňiş gazanan ýeňijiler mundan beýläk-de gowy okamaga, öwrenmäge, dünýä garaýyşlaryny ösdürmäge yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Geljekde-de ýokary okuw jaýymyzyň halypa mugallymlaryna we talyplaryna hünär eýeleriniň ussady bolup, öz döredijilik ýollarynda mynasyp ornuny tapmaklaryny arzuw edýäris!
Ogulgözel Öwezowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby