«Sanly innowasiýalar» bäsleşigi üstünlikli geçdi

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu günki günde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna uly üns berilýär. Talyp ýaşlaryň has-da kämilleşip, dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almaklaryna giň mümkinçilik döredilýär. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, sanly bilimi ýola goýmaga birnäçe täze taslamalaryň üstünde işleýärler. Olaryň döreden taslamalaryny ýüze çykarmak, wagyz etmek maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda 2021-nji ýylyň 17-18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt IT meýdança» Hojalyk jemgyýetiniň binasynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde Türkemnistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Meýlis Tahyrow «Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna wirtual syýahat» atly taslamasy bilen gatnaşyp II orna mynasyp boldy. Taslama döwrebap tehnologiýanyň kömegi bilen täzeçe äheňde düzülip, ýokary okuw mekdebine wirtual görnüşinde syýahat etmäge mümkinçilik berilýär. Şeýle-de wirtual syýahatyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň diplom we ýyllyk işleriniň taslamalarynyň suratlary hem-de maglumatlary berilýär. Gelejek-de bu taslama Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň saýtyna goýulmagy meýilleşdirilýär. Ýaşlaryň erkin pikirlerini beýan etmäge, göz ýetimlerini giňeltmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys.


Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy,
Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm