Halypanyň ussatlyk sapagy

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 19-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň halypa mugallymy Polat Garryýew öz talyplaryna milli natýurmort eserini döretmek boýunça açyk sapagyny geçirdi. Sungatyň naýbaşy ugurlarynyň biri bolan nakgaşçylyk sungatynyň bu görnüşi örän özboluşly sungatdyr. Natýurmort eseri  jansyz zatlardan düzülýär. Bu žanrdaky eserler dürli zatlardan döredilen hem bolsalar, olaryň many-mazmuny her bir ynsanyň ýüreginde üýtgeşik duýgulary oýarýar. Açyk sapakda halypa mugallym türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän milli sungatynyň önümlerini bir ýere jemläp, olary ýumuş hökmünde talyplara düşündirdi.

Halypa mugallym talyplara natýurmortyň galam bilen gurluşyny, şekilleriň başlangyç reňklenilişini, göwrümleriň özaralaryndaky tapawudyny öwretdi. Sapagyň dowamynda mugallym talyplaryň öňünde goýlan zatlaryň reňk taýdan arabaglanyşygyny hem görkezdi. Ussatlyk sapagynda mugallym milli önümleriň keşbini dogruçyl suratlandyrmak üçin göwrümleriň häsiýetini kölegeleriň we ýagtylygyň utgaşmagynda bolýandygyny düşündürdi. Mugallym natýurmort çekilişiniň soňky tapgyrlaryna çenli ähli timarlaýyş usullaryny öwredip sapagy jemledi.


Gülşat Annaseýidowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm