Kalplarda ýaşaýan sungat

Şu gün Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetinde her ýylyň 3-nji dekabrynda bellenilýän Halkara maýyplar günine we ýetip gelýän şanly Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp bäsleşikli döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäre Körler we kerler jemgyýetiniň hem-de şol jemgyýetiň kitaphanasynyň gurnamagynda alnyp baryldy. Döredijilik agşamyny gurnamakda jemgyýetiň ilkinji guramasynyň başlygy Merdan Söýünow, guramanyň orunbasary Ogulgerek Weligylyjowa, kitaphana müdiri Jemal Garlyýewa, Türkmenistanyň Merkezi müdirliginiň guramaçylyk guramasynyň başlygy Jemal Gurbanowa dagylar işjeňlik görkezdiler. Şeýle hem bäsleşikli döredijilik agşamyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy Göwher Saparmyradowa, Türkmenistanyň «Watan» radio ýaýlymynyň işgäri – şahyr Goçmyrat Orazberdiýew dagylar emin agzasy bolup gatnaşdylar. Agşamda döredijilik we el hünärleri boýunça ýerine ýetirilen dürli işler hem-de goşgular we el hereketi boýunça düşündirilýän aýdymlar toplumlary sergilenip görkezildi. Sergide jemgyýetiň görmeýänler we eşidiş taýdan maýyplar toparyna degişli agzalarynyň ýerine ýetiren nakgaş, heýkel, aplikasiýa sungatynyň kwilling görnüşli (dürli reňkli kagyzlardan ýerine ýetirilen şekiller) işleri, elde tikilen hem-de örülen ýumşak oýnawaçlar, eşikler, dürli dänelerden düzülip bezelen pannolar sergä bezeg berdi. Netijede täsirli geçen bu agşamda görmeýän maýyplar toparyndan Osmanowa Şabibi, eşidiş taýdan maýyplar toparyndan Baýramowa Ogulşirin baş baýrak bilen sylaglandylar. Birinji orna Sidorowa Ýuliýa, Grişanowiç Aknura, ikinji orna Amangeldiýewa Sadap, Ataýew Kemal, üçünji orna Tulaýewa Weronika, Rejepowa Ogulaý dagylar mynasyp boldular. Höweslendiriji baýraga Halymowa Irina, Ataýew Merdan, Ahmedowa Gülälek, Esenowa Gurbangül, Şekunowa Mariýa, Babaýewa Nurtäç dagylar eýe boldular.

Goşgular we aýdymlar toplumy boýunça Tekäýew Ezizberdi «Watan» goşgusy bilen baş baýraga mynasyp boldy. Birinji orna bolsa Meretgeldiýewa Aýna «Toý serpaýly watanym», ikinji orna Jelalowa Aýjeren «Ene waspy», üçünji orna Akyýew Rejep «Goşgylar toplumy» bilen mynasyp boldular. Höweslendiriji baýraga bolsa Kakamyradow Aşyrgurt «Ak şäherim Aşgabadym», «Türkmenistan», Baýramberdiýew Begli «Enejan» atly goşgulary bilen mynasyp boldylar.


Göwher Saparmyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm