Ýaşlar baýragy bilen gutlaýarys!
2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-na paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, döwrebap ylma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçirilen bu dabarada ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen at dakyldy we degişli şahadatnamalar hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu abraýly baýraga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew mynasyp boldy. Ýokary okuw mekdebimiziň zehinli talyby özüniň döredijilik we foto eserleri bilen Döwlet derejesindäki dürli medeni köpçülikleýin çärelere, bäsleşiklere üstünlikli gatnaşyp gelýär. Ol özüni okuwda göreldeli alyp baryp, döredijilik işlerinde mynasyp orunlara we baýraklara yzygider eýe bolýar. Ýaş ussadyň döreden eserlerinde milli medeniýetiň we şekillendiriş sungatynyň waspy, Watanymyzyň gözel taryhy pursatlary häzirki zaman tehniki mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly foto eserlerde täsirli janlandyrylýar.
Ýaşlara saýlap alan hünärinden döredijilik zehinini açyp görkezmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmen ýaşlaryna uly bil baglaýan we şekillendiriş sungatyna ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!