Türkmen heýkeltaraşlygynyň halypa ussady Babasary Annamyradowy 80 ýaşy bilen gutlaýarys!
Türkmen heýkeltaraşlygynda taryhy şahsyýetleriň, sungat we medeniýet işgärleriniň keşplerini, şeýle-de halk durmuşyny şöhlelendirýän eserleri döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Hormatly doktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Babasary Annamyradow 80 ýaşy arka atdy.
B.Annamyradow 1941-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Ýarygökje obasynda eneden bolýar. Ol 1958–1963-nji ýyllar aralygynda heýkeltaraşlyk hünäri boýunça Ş.Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) ussat halypa A.Şetininden bilim aldy. Ol alan bilimini kämilleşdirmek üçin 1965-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutyna okuwa girip, ony 1970-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Özüniň döredijilik ýolunda halypa ençeme gezek döwlet we halkara sergilere gatnaşyp türkmen sungatyny dünýä ýaýdy. Munuň üçin bolsa oňa döwlet tarapyndan köpsanly ordendir-medallar, hormatly atlar we baýraklar gowşuryldy.
B.Annamyradow türkmen heýkeltaraşlygyna belent ruhubelentligi getiren ussat hökmünde, ol türkmen halkynyň ruhy medeniýetini, dünýewi garaýyşlaryny näzik we çeper duýgular bilen beýan edýär. Munuň özi, tomaşaça ussadyň döreden gahrymanlarynyň ajaýyp dünýäsine syýahat etmäge mümkinçilik berýär. «Şahyr» (1987 ý.), «Weteran» (1987 ý.), «Ýaglykly zenan. Abat» (1987 ý.) ýaly heýkel eserleri muňa mysaldyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda halypa ussadyň döredijiliginde örän uly üstünlikleriň döwri başlandy. Türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy şahsyýetleriniň we nusgawy şahyrlarynyň keşbine ýüzlenip, Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygyň 9 ýyllygy mynasybetli açylan Garaşsyzlyk binasynyň daş-töweregindäki seýilgähinde monumental heýkellerini döreden türkmen heýkeltaraşlarynyň işine çeper ýolbaşçylyk etmek Babasary Annamyradowa tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat şäherimiziň merkezindäki «Ylham» seýilgähinde oturdylan türkmen halkynyň beýik taryhy şahsyýetleriniň heýkelleriniň işlerine hem gönüden-göni ussat heýkeltaraşyň hut özi işjeň gatnaşdy. Seýilgähde duran heýkellerinden B.Annamyradow tarapyndan döredilen Döwletmämmet Azadynyň (2010 ý.), Gurbannazar Ezizowyň (2010 ý.) heýkellerini agzamak bolar.
Ussat heýkeltaraş 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy bolup zähmet çekýär we ençeme şägirtlerini ýetişdirýär.
Türkmenistanyň görnükli ussady Babasary Annamyradow döredijilik ýolunyň ähli döwürlerinde türkmen halkynyň taryhy sahypalaryndan, oba durmuşyndan, milli gymmatlyklaryndan ylham alyp, türkmen sungatyny dünýä ýaýmakda mynasyp goşandyny goşýar.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy