Sanly ulgam arkaly geçirilen internet olimpiýadasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda gazanylýan guwandyryjy üstünlikler ýaş nesillerimiziň röwşen geljeginiň bähbidine ýetilen belent sepgitleriň biridir. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, olaryň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda döwrebap özgertmeler netijesinde bilim ulgamynyň iň häzirki zaman jemgyýeti kemala gelýär.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmekligiň we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplaryň öşbaşdak pikirlenmegini ösdürmek hem-de başarjaň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Ekologiýa» dersinden internet olimpiýadasyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we Dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik» kafedrasynyň 2-nji ýyl zehinli talyplary Merýem Durdymämmedowa, Resul Baýramow we Kerwen Sultanow gatnaşdylar. Bu internet olimpiýadasy Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine zehinli talyp ýaşlaryň ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşmaklaryna uly mümkinçilikler döredýär.
Geljekde-de şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi innowasion tehnologiýalara eýerip, ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelerde özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Gülälek Keroglyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy