Saragt Babaýewiň şägirtleri bilen gezelenç syýahaty
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýewiň öz şägirtleri bilen «Ene tebigat» atly halkara sergisine gezelenç syýahaty gurnaldy. Bu sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ugurlarynda ýerine ýetirlen eserleriň ählisi barada ussat halypa heýkeltaraş mugallym Saragt Babaýew öz şägirtlerine giňişleýin maglumat berdi. Sungat eserleriniň ýerine ýetiriliş stilleri dogrusynda, suratkeşleriň döredijilik pikirleriniň nyşanalyk äheňleri esasynda çözülen her bir taslamanyň aýratynlygy barada gyzykly gürrüňlerini ýaşlara ýetirdi. Dünýä sungatynyň taryhy barada umumy düşünje berdi.Şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk ugrunda ýerine ýetirilen taslama eserleriniň çeperçilik çözgüdi barada beren gürrüňleri talyp ýaşlarda has-da täsir galdyrdy. Bu döredilen eserleri synlamak bilen talyp ýaşlaryň, öz hünärleri boýunça enä hem-de tebigata bagyşlap täze döretjek eserlerine ylhamy artdy. Ussat halypamyzyň şägirtleri bilen amala aşyran syýahatynda, mukaddes Watan, ene toprak barada beýan eden gürrüňleri talyp ýaşlarymyzda gözel tebigatymyza, daşky gurşawa sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi.
